Änew — äleme ýaň salan şäher

Änew — äleme ýaň salan şäher
Makalalar
20.03.2024, 17:07
261
0
20.03.2024ý.

Änew — äleme ýaň salan şäher

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi hem-de bu etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanmagy buýsançly wakalaryň biri hökmünde halkymyzyň aňynda orun aldy. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Änew şäheri hem ajaýyp özgertmelere eýe bolýar.

TÜRKSOÝ-nyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň geçmiş taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Örän irki döwürlerden bäri bu bol çeşme suwly, mes toprakly dag etekleri adamlaryň köpçülikleýin mesgen tutýan ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde irki döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk ösüpdir.

Günorta Türkmenistanda eneolit döwri ylymda «Änew medeniýeti» adyny aldy. Ol şu medeniýete degişli ilkinji öwrenilen, Änew şäheriniň golaýyndaky ýadygärlikleriň ady bilen baglydyr. Türkmenistanda eneolit döwrüniň ýadygärlikleri ululy-kiçili, dürli depeleriň aşaky gatlaklarynda saklanypdyr. Köpetdagyň gerişlerinden demirgazyga, düzlüge inýän bol suwly çeşme-çaýlaryň boýunda amatly ýerlerde düýbi tutulan obalarda ençeme asyrlaryň dowamynda könelen toýundan we çig kerpiç jaýlaryň kesekleri tekizlenip, onuň üstünden täze jaýlar yzygiderli gurlupdyr. Ol depeler — ýadygärlikler ýurdumyzyň çäklerinde ýüze çykan gadymy medeniýetleri öwrenmek üçin möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda Zakaspiý oblastynyň generaly A.W.Komarow Änew demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşen depelerde gazuw işini geçirýär we birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Tapyndylar ylmy taýdan derňelmese-de, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Halkymyzyň milli mirasyny, medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, beýik şahsyýetlerimiziň bitiren işlerini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak, halkymyzyň hem-de döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilen tutumly işleri mydama rowaç bolsun.

Dursun Amanowa

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0