Akyldar şahyryñ arzuwy

Akyldar şahyryñ arzuwy
Makalalar
06.11.2022, 19:08
665
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Akyldar şahyryň arzuwy Asyrlarboýy özbaşdak, garaşsyz döwletli bolmak baradaky türkmen halkynyň arzuwlary halkyň şahyr ogly, akyldar Magtymgulynyň hem döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapypdyr. “Berkarar döwlet islärin” diýýän şahyr, bu arzuwlaryň amala aşmagyny isländigini onuň goşgularynyň süňňüne siňen manydanam görmek bolýar. Şahyryň ýaşan döwrüniň jemgyýetçilik gurluşy hem adalatsyzlygyň dowam edýän, adamzadyň ýaşaýyşynyň kyn döwürlerine gabat gelipdir. Şeýle döwürlerde hem Watan söýgüsi, onuň tebigatyna guwanmak, ol ýerden gowulyklary duýmak, buýsanç, mertebe ýaly duýgulary şahyryň “Türkmeniň” atly goşgusynda hem giňden beýan edilýär. Goşgy tutuşlygyna öz ýurduňa bolan buýsançdan, söýgüden doly. Şonuň üçinem şahyryň ýazan goşgulary halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn söýgi bilen garşylanypdyr. Olary bagşylar aýdym edipdirler, ozanlar toý-märekelerde okapdyrlar. Çünki bu parasata ýugrulan eserlerde her bir ynsan öz ýürek duýgularyny tapýar. Ol ýerden iň gowy pendi nesihatlary alypdyrlar. Bu goşgular her döwürde hem öz arzysyny beýgeldip gelipdir. Onda ýaşlar üçinem dogry ýoly salgy berýän maslahatlaram juda kän. “Ýurduňy terk edip gidiji bolma” diýýän şahyr, Watan söýgüsini her bir okyjysynyň ýa-da diňleýjisiniň kalbyna çynlakaý guýmagy başarypdyr. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn sarpa goýlup, onuň diňe bir türkmen halkyna däl-de, dünýä halklarynyň ählisine diýen ýaly, düre dönen pikirleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik açyldy. Ýylda ýurdumyzda bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň uly dabara bilen bellenmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şahyryň Watan mukaddesligi hakyndaky pikirleri “Türkmen binasy”, “Gadryn näbilsin?”, “Gidiji bolma”, “Terk eýleme bu mekany”, “Gymmat ýagşydyr” ýaly goşgularynad öz beýänyny tapýar. Biz ýaşlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyna mynasyp goşandymyzy goşmakda, beýik akyldar şahyrymyzyň bize miras galdyran pendi-nesihatlaryny özümize her pursatda ýol - ýörelge edinýäris.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Merdan Iskanderow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0