3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni
Makalalar
30.05.2024, 22:25
107
0
30.05.2024ý.

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni  

Her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn sarpa, söýgi bilen garşylanyp, ählihalk derejesinde giňden toýlanýar. Munuň şeýle bolmagy, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň durýanlygyndadyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzünde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola görkezmek bilen birlikde, Ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň ýaýbaňlanmagy babatda hem ýurdumyzda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martynda geçirilen 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa, bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrebap derejede dowam etdirmeginiň netijesinde Türkmenistanyň soňky ýyllarda sportuň köp görnüşleriniň, şol sanda welosiped sportunyň ýokary depginde ösdürilýän ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şanly senelere bagyşlanyp köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, «awtoulagsyz günleriň» geçirilmegi munuň aýdyň subutnamalary bolup, bu çäreler ekologik abadançylygyň ýokarlandyrylmagynda, halkymyzyň saglygynyň berkidilmeginde hem-de dünýäde iň arassa ulag hökmünde ykrar edilen welosipediň we welosiped sportunyň wagyz edilmeginde örän ähmiýetlidir.

Aşgabatda 2018-nji ýylda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagyndaky okuw sapagynyň, ýagny «Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň», şondan bir ýyl soňra paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň» geçirilmegi, bu çäreleriň ikisiniňem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, gözel paýtagtymyzda 2020-nji ýylda «Welosiped» binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmekde hem-de wagyz etmekde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Güljan Meredowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0