Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtlanýar

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtlanýar
Makalalar
23.12.2023, 12:19
300
0
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtlanýar

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Muňa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şu ýylyň 11 aýynda gazanylan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede saklanyp galmagy döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän ykdysady maksatnamalaryň aýdyň netijesidir.

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hususy pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki ornuny has-da berkitmek maksady bilen uly mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda işewürligiň ösdürilmegini nazarlaýan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018-2024-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli telekeçilik pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegi netijesinde ýurdumyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýändigi bellenilmäge mynasyp. Munuň özi milli önümçiligi ýola goýmaga gönükdirilen ýerli öndürijileriň goraglylygynyň, döwlet tarapyndan berilýän goldawyň üpjün edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny döretmek ugrunda giň tagallalar edilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ençeme ýurdy bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportunyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda uly işler edilýär. Diýarymyzda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak maksady bilen, esasy hyzmatdaş ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda öýleri Russiýa Federasiýasynda, Belarus Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we beýleki ýurtlarda hereket edip, ýurdumyzda öndürilýän önümler daşary ýurtlarda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalarda ýerlenilýär.

Abdyresul Hudaýnazarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0