Ýurdumyzyň halkara abraýy pugtalanýar  

Ýurdumyzyň halkara abraýy pugtalanýar   
Makalalar
19.03.2024, 15:45
168
0
19.03.2024ý.

Ýurdumyzyň halkara abraýy pugtalanýar

    Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belende göterip, dünýäde giňden ykrar edilen Lider — Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda öňe süren daşary syýasy başlangyçlary ählumumy goldawa eýe bolýar. Muny bahar paslynyň ilkinji günlerinde, has anyk aýtsak, mart aýynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran sapary we Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşy hem aýdyň subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa forumy (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.

Adamyň adam hökmündäki iň uly gymmatlygy — onuň mertebesi. Bu mesele döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda hem ör-boýuna galýar. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň başynda halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň biziň öňümizde ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary goýýandygyny, häzirki döwürde bu düşünjeleriň bitewüdigini belledi. Şoňa görä-de, saýlanyp alnan syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary we döwletleri bu işe doly çekmek zerurdyr. Ine, şu garaýyşlaryň özi hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň kalbyndan dömüp çykýan tutuş adamzat we dünýäniň ähli ýurtlary baradaky aladadan gözbaş alýar.

Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmak babatda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryna giň orun berildi. Hususan-da, XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşy baradaky garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy, ony gazanmagyň gurallary hökmünde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny ilerletmek; ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasyna ýardam bermek; bitewi dialogy ýola goýmakda bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça degişli teklipler öňe sürüldi.

 Oraznur Myratgulyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0