Ýaşlara döwrebap mümkinçilikler döredilýär

Ýaşlara döwrebap mümkinçilikler döredilýär
Makalalar
19.03.2024, 20:29
204
0
19.03.2024ý.

Ýaşlara döwrebap mümkinçilikler döredilýär  

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimleri kämilleşdirmegi, sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegi döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Sanly bilim ulgamy dine bir bilim bermek işinde ulanylman, eýsem oňa gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine hem täsir edýär. Birinjiden, bu ulgamdan kämil baş çykarmak üçin häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilmek zerur bolup durýar. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nouhaularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda hasda kämilleşip, ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.

Eziz Diýarymyzda ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris.

Kuwwat DÖWLETGELDIÝEW

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0