Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ýaşlar — ýurduň daýanjy
Makalalar
15.10.2023, 18:42
274
0
Ýaşlar — ýurduň daýanjy

​ ​ Beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hem ýaşlaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Şu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi.

Kanunyň baş maksady ýaşlaryň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri halkymyzyň gadymy ruhy-ahlak däpleriniň, hakyky watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin oňaýly hukuk şertlerini üpjün etmekden ybaratdyr. Täze kanunçylyk resminamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny ep-esli derejede pugtalandyryp, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Ata Watanymyzyň berkararlygyny, onuň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge, ýaşlary ählitaraplaýyn alada bilen gurşap almaga uly üns berýän hormatly Prezindetimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Söhbet Suwhanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0