Ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär ​

Ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär  ​
Makalalar
23.12.2023, 21:20
286
0
Ýaşlar üçin ähli şertler döredilýär

​ ​ Berkararlygy binýat edinen eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Uly üstünliklere beslenip, ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen möhürlenen 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylymyzyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Ýaşlar baradaky şeýle üns-alada bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli tutumlara has-da işjeň çekmek ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň geljegi ylym-bilimli, dünýä bilen aýakdaş gadam urýan giň dünýägaraýyşly ýaşlara bagly. Bu ugurda eziz Watanymyzda ähli mümkinçilikler bar hem-de ýaşlaryň dünýä derejesindäki ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi dünýäniň dürli künjeklerinde abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Asuda, abadan ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, ylym-bilimli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmazlyk her bir raýatymyzyň öňünde durýan iň ilkinji wajyp wezipedir. Çünki ýaşlar Watanymyzyň daýanjy, asylzada halkymyzyň arassa, röwşen geljegidir. Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, olaryň belent maksatlara dahylly ykbaly hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Emir Garýagdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0