Ýaşlar — jemgyýetiň ygtybarly herketlendiriji güýji

Makalalar
Ýaşlar — jemgyýetiň ygtybarly herketlendiriji güýji
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýaşlara bildirilýän uly ynamyň, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmekleri üçin döredilip berilýän şertleriň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ylym-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesilleri kemala getirmek boýunça ýaşlary jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşünjesini Watanymyzy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirmekde öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýär.
Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmagy üçin, Türkmenistan bu guramada jebisleşdiriji gün tertibini mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýär. Ylym-bilim we medeni ugurlarda tagallalary artdyrmak, ÝUNESKO-nyň ýaşlar, sport, aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ileri tutulýan meseleleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň «UNITWIN» halkara maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi, ýurdumyzyň alty sany umumybilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň ulgamyna girizildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary döredildi. Bu başlangyçlar ýaş türkmenistanlylaryň kalbynda çäksiz buýsanç duýgusyny döretmek bilen, olary täze üstünliklere, Watanymyzyň at-abraýyny belende götermek ugrunda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Muhammetali Işanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...