Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy
Makalalar
23.12.2023, 12:36
310
0
Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

​ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sagdynlygyň ýurdy hasaplanýan döwletimizde sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýleki desgalar guruldy. Bilim edaralarynyň – mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlanylanda, olarda sport düzümine degişli desgalar, stadionlardyr sport meýdançalary göz öňünde tutulýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz möhüm döwlet işlerinden wagt tapyp, yzygiderli sport bilen meşgullanyp, bu babatda ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Beden maşklaryny ýerine ýetirmek saglygy berkitmek bilen bir hatarda, adamlaryň asylly işlere, döredijilik we zähmet üstünliklerine gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär.

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary, şol sanda türgenleşikleri we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmäge zerur şertler bar. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli spartakiadalara köp sanly adamlaryň gatnaşmagy Diýarymyzda sporta uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen umumymilli oýunlaryň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe- sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasatyny amala aşyrmakda uly üstünliklere ýetilýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmek babatdaky irginsiz aladalary netijesinde, türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu ýylyň noýabr aýynda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň üstünlikli çykyş etmekleri muňa mysaldyr.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň iň abraýly sport ýaryşlaryny türkmen döwletinde geçirmäge hukuk gazanmagy hem sport ulgamynda uly ösüşlere ýetilýändiginiň subutnamasydyr. Sport diňe bir beden işjeňligini kadalaşdyrman, ol ruhy dünýäňi, aň-düşünjäňi hem kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda ýaşlaryň akyl zähmetiniň, döredijilik üstünlikleriniň ýygjamlaşmagynyň aglabasy sportuň berýän oňyn netijeleridir.

Goý, il-ýurt bähbitli beýik işlere badalga berýän, türkmen sportunyň abraý- mertebesini beýgeldip, şanyny dünýä doldurýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!​

Suhan Italmazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0