TÜRKMENISTAN HALKARA BÄSLEŞIGE GATNAŞYJYLARDA ÝAKYMLY TÄSIR GALDYRDY

TÜRKMENISTAN HALKARA BÄSLEŞIGE GATNAŞYJYLARDA ÝAKYMLY TÄSIR GALDYRDY
Makalalar
25.05.2024, 08:39
316
0
25.05.2024ý.

TÜRKMENISTAN HALKARA BÄSLEŞIGE GATNAŞYJYLARDA ÝAKYMLY TÄSIR GALDYRDY

Mälim bolşy ýaly, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrleri we talyplary bir ýere jemlän bu halkara bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyz Aşgabadyň gözel ýerleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mermer paýtagtymyz myhmanlarda ajaýyp täsir galdyrdy. Muňa olaryň öz beren gürrüňleri hem şaýatlyk edýär. 

Hususan-da, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň talyby Zahra Mahmudowa bu barada şeýle gürrüň berdi: «Aşgabat — sözüň doly manysynda ajaýyp şäher. Türkmen paýtagtyndaky arassaçylyk, bagy-bossanlyk, binalaryň gaýtalanmajak sazlaşygy söz bilen beýan ederden has üýtgeşik. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Gysgaça aýtsam, men bu bäsleşikden Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty barada täze öwrenilen zatlar, türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalar bilen yza dolanaryn».

Şeýle äheňdäki ýakymly gürrüňleri halkara bäsleşige gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlaryň ählisinden hem eşitmek mümkin. Munuň özi Türkmenistandan galan täsirleriň olaryň ýüreginde ebedi ýaşajakdygyna pugta ynam döredýär.

Gurbanmyrat AŞYROW

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0