Türkmeniň kalby

 Türkmeniň kalby
Makalalar
10.05.2023, 20:05
221
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Türkmeniň kalby

Berkarar ýurdumda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeni mirasy öz gymmatyny tapdy. Türkmeniň medeni hem edebi mirasynyň gözbaşynda duran, öňdengörüji pähim-päýhasy bilen adamzat dünýäsine şugla çaýan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi ýer ýüzüne jar boldy. Sarpaly zamanada şahyryň sarpasy beýgeldi.

Magtymguly Pyraga türkmen kalby diýilmegi ýöne ýerden däl. Onuň döredijiligi köptaraply, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giden bir ummandyr. Şol bir wagtyň özünde-de türkmen halkynyň asylly däpleri, umumy adamazda degişli ýagşy niýetleri şahyryň goşgularynda öz beýanyny tapandyr. Bu bolsa milli öwüşgindir. Türkmen halkynyň asylky ýagşylyga ýugrulyp, nusgalyga öärülen häsiýetleri ýüze çykýär. Şplaryň biri-de türkmen halkynyň myhmansöýerlik häsiýetidir.

Mert çykar myhmana güler ýüz bilen diýýan şahyr türkmen myhmansöýerligini buýsanç bilen belleýär. Ejize hossar çykmak, myhmanyny deňli-derejeli mertebelemek ata-baba gelýän asylly däpleriň biridir. Türkmen halkynda şeýle ajaýyp adatyň bolmagy şahyryň hem kalbyny joşdurýar. Ol her bir sözünde bu häsiýetiň ajaýyplygyny aýdyň edýär.

Gara daşdan gara gyly saýlan göz,

Çöňňelere görejiň göze myhmandyr.

Gelen aş diýp gelmez turşutmagyl ýüz,

Nana mätäç däldir söze myhmandyr.

Ine, bu sözler hem pendi-nesihat, hem milli häsiýetiň dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Bu ýerde türkmen häsiýeti öz beýanyny tapýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Meläýew Şyhmyrat
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0