Türgenleriň üstünligi

Türgenleriň üstünligi
Makalalar
02.01.2024, 18:48
335
0
02.01.2024ý.

Türgenleriň üstünligi

30-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy, toparyň futbolçylaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlap, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi hem-de täze şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Hormatly Arkadagymyz, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzyň «Arkadag» futbol toparyna sowgat beren awtobusyny synlap, onuň enjamlaşdyrylyşy, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze awtobusyň keşbinde futbol toparynyň nyşany, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrülen Akhan atly şöhratly bedewiň şekili ýerleşdirilipdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpugurly sport toplumynda «Arkadag» futbol toparynyň ähli türgenlerini, ýolbaşçylaryny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan ýeňişleri hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, olara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyz uly ýeňşe mynasyp bolan futbolçylaryň türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Akmyrat Orazhümmiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0