Makalalar

Makalalar
Makalalar
11.03.2024, 09:36
157
0
11.03.2024ý.

Toý dabaralary belentden tutuldy

Halkara zenanlar güni Türkmenabat şäher häkimliginiň işgärleri we şäheriň ýaşaýjylary üçin goşa baýramçylyga öwrüldi. Şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda gurlup, ulanylmaga tabşyrylan 3 sany dört gatly, 24 öýli jaýda bagtyýar maşgalalaryň 72-si jaý toýlaryny tutdy. Döwrebap täze ýaşaýyş jaýlarynda üç we dört otagly öýleriň açarlaryny ellerine alan bagtyýar maşgalalaryň durmuşlaryndaky şatlyklaryny paýlaşmak üçin şäheriň il sylagly ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler. Ýaşamak üçin köpsanly amatlylyklar döredilen ýaşaýyş jaýlaryny «Höwesli ugur» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Öýlerde ýaşamak üçin ähli amatlylyklaryň bolmagy öý eýelerini çäksiz begendirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriniň halk üçin uly eşretleri getirýändigini öýleriň eýelerini durmuşlaryndaky şanly waka bilen gutlap çykyş edenler aýratyn guwanç bilen bellediler. Gutlaglarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda uly eşretleriň döredilýändigi, şeýle şanly wakalaryň göwünlere ganat bagladýandygy mynasybetli hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabarada täze öýleriň açarlarynyň eýelerine gowşurylýan pursatlary has-da täsirli boldy. Döwrebap jaýdan öý edinenleriň ýüz-gözlerinde egsilmez şatlyk, buýsanç duýgulary nur çaýýar. Gurluşykda tapawutlanyp zähmet çekenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar hem gowşuryldy. Baýramçylyk gününde jaý toýuny tutanlaryň arasynda «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan enelerem bar. Täze öýlerde toý dabaralary belentden tutuldy. Sungat ussatlary hem ýakymly owazly aýdym-sazlary, şüweleňli tanslary bilen toýda şatlyk paýladylar. Bezemen çagalaryň mähriban Watanymyzyň ösüşlerini we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän aýdymlarydyr goşgulary hem toý şatlygyna şatlyk goşdy. 

Ogulaý Ýalkabowa

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0