Täze ýylyň şygary türkmen halkyny täze üstünliklere ylhamlandyrýar ​

Täze ýylyň şygary türkmen halkyny täze üstünliklere ylhamlandyrýar  ​
Makalalar
11.01.2024, 16:52
204
0
11.01.2024ý.

Täze ýylyň şygary türkmen halkyny täze üstünliklere ylhamlandyrýar

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şatlyk-şowhun bilen bosagadan ätlän​ 2024-nji ýylymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly dünýäsinden gözbaş alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň ady bilen bile geldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasy bu günki gün belent maksatly tutumlar bilen şöhratlanýar. Pyragynyň pähimi deýin köňülleri, ýürekleri birleşdirjek 2024-nji ýylda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenip geçiler. Bu ajaýyp toýuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasynyň älem içre uludan tutuljakdygyny alamatlandyrýar.

Şanly ýylyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgy setirleri bilen bagly bolmagynda çuňňur many bardyr. Pähim-paýhasyň ummany hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň goşgulary kämil şahsyýeti kemala getirmegiň beýik mekdebidir.

Ajaýyp Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň asman-zemin arasy belent heýkeliniň gurulmagy halkymyzyň akyldar şahyrymyza goýýan hormatynyň aýdyň nyşanydyr. Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýylyň dekabr aýynda paýtagtymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda ilkinji gezek geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanmagy şanly toýlaryň özboluşly badalgasy boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly akyldar şahyrymyzyň ýüreklerde baky orun alan şygyrlary deýin, ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy ýyllaryň birine öwrüler. Bu ajaýyp ýyl — Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän kämil şygryň ady berlen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly. Şanly hem-de joşgunly ýylymyz düşümli bolsun!

Döwletgeldi Çarwaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0