Makalalar

Makalalar
Makalalar
02.01.2024, 04:33
264
0
02.01.2024ý.

Täze ýylym, bagt getirsin ilime!

Bagtdan paýly, rysgal-bereketden serpaýly Täze ýylyň gül Diýarymyza gadam basmagy abadan illerimizi, döwrebap şäherdir obalarymyzy bagtyýarlyga, baýramçylyk ruhuna besleýär. Täze taryhy döwrüň senenamasynda mynasyp orun alan 2023-nji ýylyň, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň nurana geljeginiň buşlugy bolup gelen Täze — 2024-nji ýylyň sepgidindäki baýramçylyk dabaralary hem​ ​ özboluşly many-mazmuna eýe boldy.

Belent sepgitleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýap-ýaňy tamamlanan 2023-nji ýylda türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredijilikli zähmet çekdi. Taryhy wakalaryň buýsançly günlerini başdan geçirdi. Türkmen ýaşlary özlerine bildirilen uly ynamy ödemek maksady bilen ata Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdylar.

Hawa, bagtyýar türkmen halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen Täze — 2024-nji ýyly garşy aldy. Ynha-da, Täze — 2024-nji ýyl uly şatlyk-şagalaň, egsilmez joşgun bilen jümle jahana doldy. 2024-nji — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly gutly, düşümli ýyl bolsun! Goý, luw ýyly asly halal her bir ojaga rysgal-bereket, döwlet, saglyk, bagtyýarlyk, agzybirlik, jebislik, şatlyk-şowhun eçilsin! Bagtyýarlygy baýdak edinip, aýdyň ertirlere sary ynamly barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin, gül açsyn!

Anna Allaguluýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0