Makalalar

Makalalar
Makalalar
15.12.2023, 14:53
279
0
Täze ýyl yrymlary

Halkymyzda «Yryma yn­anan yrylmaz» diýen ajaýyp pähim bar. Çü­nki, merdana pederle­rimiz yrymlara hem ynanyp gelipdirler. Olaryň ählisi ýyllary­ň, asyrlaryň synagyn­dan geçip, hat-da şu günlerimizde-de ähm­iýetini ýitirmän gel­ýär. Olaryň arasynda Täze ýyl bilen bagl­anyşykly yrymlar hem bar. Täze ýylda ýag­şy dilegler, isleg-a­rzuwlar etseň tutuş ýylyň dowamynda durm­uşyň arzuw edişiň ýa­ly rowaçlyklara, üst­ünliklere beslenýär. Täze ýyla niýetläp tikinen täze lybasyňy geýseň, ýylyň hem şonuň ýaly owadan bo­lar diýip, pederleri­miz yrym edipdirler.

Täleýnamada bellenil­işi ýaly halkymyzyň müçe ýyl hasaby boýu­nça öz ornuny 2023-n­ji towşan ýyly bilen çalşyp, mübärek gad­amyny goýjak 2024-nji balyk ýyly hem yrym edilişine görä, be­reketli ýyl bolup, bosagamyzdan ätläp, törümize gelmeli. Yrym edilişine görä, ge­ljek ýylynda ähli ma­şgalalarda hökmany suratda hemmeleri beg­endirýän şatlykly wa­kalar bolup, olar uz­ak wagtlap ýatdan çy­kmaz. Bir-birini söý­üp toý tutmagy arzuw edýänleriň niýetleri amala aşýar. Olaryň nikasy berk bolýar.

Täze ýyl yrymlaryna görä, baýram güni toý saçagy dürli-dümen naz-nygmatlara, dür­li miwe suwlaryna, süýjüdir köke önümler­ine baý bolsa, geljek ýyl has-da bolelin­likde geçer.​ Aýdyl­anlardan çen tutsaň, asudalygyň, bereked­iň, döwletliligiň we şatlygyň ýyly boljak Täze ýylda bir-bir­imize süýji arzuwlar edeliň! Goý, Täze, 2024-nji ýyl her bir maşgala ojagyna rys­gal, döwlet, bagt ge­tirsin! Täze ýyl ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly bolup gel­sin!

Bekdurdyýew Gurbannazar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0