Jandarlar

Jandarlar
Makalalar
04.07.2023, 15:21
202
0
Täsin jandar

Narwal – täsin deňiz jandary hasaplanyp, oňa başgaça ýeke şahly deňiz jandary hem diýilýär. Bu jandar süýdemdirijiler maşgalasynyň narwal atly ýeke-täk urugynyň wekilidir. Onuň ady islandiýa dilinden gelip çykyp, «nar» – «kül reňk», «wal» – «kit» diýmegi aňladýar. Bedeniniň uzynlygy 3,8 – 4,5 metr, täze doglan narwal çagasynyň uzynlygy 1 – 1,5 metr, erkekleri 2 – 3 tonna, urkaçylary 900 kilogram töweregi bolýar. Kellesi togalak, ýöne maňlaýy öňe çykyp durýar.

Olaryň iki sany depe dişi bolýar. Erkek narwalyň çepe towlanan spiral şekilli gyýak dişleriniň agramy 10 kilogram, uzynlygy 2 – 3 metre deň bolýar. Urkaçylarynda bular ýaly dişler örän seýrek bolýar.

2005-nji ýylda ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Martina Nwiýanyň geçiren gözleg işleriniň netijesi boýunça, jandaryň gyýak dişleriniň duýujy organdygy anyklanylypdyr. Has takygy, ylmy-elektron mikroskopda geçirilen gözegçilikler esasynda, diş kanalynda millionlarça kiçijik nerw öýjükleriň bardygy tassyklanypdyr. Şeýlelikde, bu jandar dişleriniň kömegi bilen suwuň basyşyny, temperaturasyny we del maddalaryň konsentrasiýasynyň üýtgemegini duýup bilýär.

Narwal Demirgazyk buzluk ummanynda we Demirgazyk Atlantikada giňden ýaýrandyr. Olaryň bedeninde 10 santimetr galyňlykda ýag gatlagy bolup, bu olary sowukdan goraýar. Belugadan tapawutlylykda, narwal ummanyň düýbünde uzak wagtlap saklanyp bilýär. Eger ýaşaýan zolagynyň suwlary doňan bolsa, onda olar 5 santimetr galyňlykdaky buzy arkalary we uzyn gyýak dişleri bilen döwüp bilýärler. Olar mollýuskalar, leňňeçşekilliler we balyklar bilen iýmitlenýärler. Bu jandar tebigy ýagdaýda 55 ýyla golaý ýaşaýar.

Hezret Annaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0