Taryh beýik işler bilen ýazylýar

Taryh beýik işler bilen ýazylýar
Makalalar
01.03.2024, 21:17
108
0
01.03.2024ý.

Taryh beýik işler bilen ýazylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: «Taryh nähili ýazylýar?» diýen sowala her kim öz düşünişine görä jogap berer. Aslynda, «taryh ýazmak» diýen düşünjäniň özi dürli-dürli teswirlemelere elter. Muňa garamazdan, goluňy gursagyňa goýup, ykrar edip boljak hemmelere äşgär bir hakykat bar: Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelere esaslanýan daşary syýasaty dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyz halkara bileleşigiň agzasy hökmünde hem-de öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, dünýä giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, häzirki zamanyň wehimleriniň we howplarynyň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen işleri üstünlikli dowam etdirýär. Ata Watanymyz dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 

Türkmenistan energetika we energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, ekologiýany, daşky gurşawy goramak, suw serişdeleri, azyk howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we innowasion çözgütlerini çekmäge ýardam bermek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam etdirilýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýy has-da ýokarlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň birnäçesi biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hemişelik Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar, ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň parlament diplomatiýasy aýratyn işjeňlige eýe boldy.

Ybraýym Gurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0