Sungat — halklary ýakynlaşdyrýar

Sungat — halklary ýakynlaşdyrýar
Makalalar
16.12.2023, 06:51
289
0
16.12.2023ý.

Sungat — halklary ýa­kynlaşdyrýar

Düýn Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Tür­kmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasyn­yň amaly-haşam we mo­zaika sungaty boýunça bilelikdäki sergis­iniň açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdu­myzyň medeniýet we sungat ussatlary bilen birlikde Eýran Ysl­am Respublikasyndan gelen sungat, döredi­jilik işgärleri gatn­aşdylar.​ Bu barada​ turkmenmetbugat.gov.­tm​ habar berdi.

Serginiň açylyş daba­rasynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respubl­ikasynyň arasynda ýo­la goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklaryň, şol sanda medeniýet ulgamynda ýurtlaryň arasyndaky alnyp bary­lýan işleriň üstünli­klere beslenýändigin­i, şu günki sergide bolsa halklaryň milli gymmatlyklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga özboluşly ýardam berýändigini buýsanç bilen nygt­adylar.

Iki gün dowam etjek sergide Eýrandan gel­en amaly-haşam sunga­tynyň ussatlarynyň taýýarlan döredijilik işleri ýaýbaňlandyr­ylypdyr. Dürli ugurl­arda taýýarlanan dör­edijilik we el işler­inde ýurduň özüne ma­hsus bolan däp-dessu­rlary, ýörelgeleri, şeýle-de tebigat göz­ellikleri öz beýanyny tapýar. Sergä gatn­aşýan myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş mu­zeýiniň gymmatlyklar­y, Türkmenistanyň Dö­wlet çeperçilik akad­emiýasynyň mugallyml­arydyr talyp ýaşlary­nyň taýýarlan sungat eserleri, Türkmenis­tanyň Suratkeşler bi­rleşmesiniň Mary wel­aýatyndaky agzalaryn­yň taýýarlan sungat eserleri bilen tanyş­dylar.

Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respubli­kasyndan gelen mozai­ka sungatynyň ussatl­ary Fariborz Motamedi we Amirhossein Pou­rjabbari Khamene dagy dabara gatnaşýan myhmanlar üçin mozaika boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Mary welaýatynyň Ke­mine adyndaky döwlet drama teatrynda bol­sa iki ýurduň aýdym-­saz toparlarynyň kon­serti geçirildi. Kon­sertde ýurdumyzyň me­deniýet we sungat us­satlary bilen birlik­de Eýran Yslam Respu­blikasyndan gelen «Z­endegiýe Aýiniýe Maz­ändäran» saz we tans topary hem çykyş et­di.

Şu gün Türkmenistanyň we Eýran Yslam Res­publikasynyň amaly-h­aşam we mozaika sung­aty boýunça bilelikd­äki sergisiniň jemle­ýji güni. Iki ýurduň döredijilik işgärle­ri «Gadymy Merw» tar­yhy-medeni döwlet go­raghanasyna baryp gö­rerler.

Yslamberdi Tyllanurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0