Şöhratly taryha sarpa

Şöhratly taryha sarpa
Makalalar
30.05.2024, 22:22
119
0
30.05.2024ý.

Şöhratly taryha sarpa    

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda taryhy maglumatlaryň üsti bilen gadymy şäheriň şanly geçmişi dabaralandyrylýar. Kitabyň mazmunynyň arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanmagy taryhçylar bilen birlikde ýaş nesliň hem her birinde uly gyzyklanma döredýär.

Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde ýüze çykarylan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, ruhy däp-dessurlaryny gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünjäňi baýlaşdyrýar.

Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biri bolup, baý maglumatlary goýnunda gizleýär. Bu gün Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, döwrebaplygy, ajaýyplygy, geljege gönükdirilen ösüş maksatnamalary bilen hem ünsüňi özüne çekýän möhüm ilatly ýer hökmünde bellidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynda nygtaýşy ýaly, gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gyzyldan gymmatly kitabyny halkymyza sowgat etmegi bilen Änew şäheriniň şöhratly taryhy, bagtyýar şu güni tutuş dünýä jemgyýetçiligine hem elýeter boldy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen bu kitap akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ýylymyzda biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak hem-de dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Güljan Meredowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0