Şekillendiriş sungatynda ýaşlarymyzyň waspy

Şekillendiriş sungatynda ýaşlarymyzyň waspy
Makalalar
04.12.2023, 04:03
336
0
04.12.2023ý.

Şekillendiriş sungatynda ýaşlarymyzyň waspy

Bu günki gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyz özüniň döredijilik ukybyny eserleriň üsti bilen beýan edýärler. 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çepercilik akademiýamyzyň Sergiler jaýynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary” atly uçurymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy bolup geçdi. Sergidäki her bir eseri synlanyňda tomaşaçylarymyzy ruhlandyrýan sungat eserleriň dörändigine tomaşa edip bolýar. Ýaşlaryň döredijiliginde ýurdumyzyň ösüşi we ýetilen sepgitleri şekillendirilýär. Olaryň eserlerinde dürli temalary beýan edilip, esasanam, dünýä ýüzüne belli bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini we gözel Diýarymyzyň gözelligini, bagtyýar döwrümiziň waspyny görmek bolýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň şygryýet dünýäsi giňden öwrenilýär.

Güljemal Myradowanyň “Pyragy iş başynda” atly eserinde Magtymguly Pyragynyň diňe bir Watany, mertligi, batyrlygy wasp eden hyjuwly şahyr, tebiýeçi, wagyz-nesihatçy däl-de, zergär bolandygyny hem görkezilýär. Suratkeş Magtymguly Pyragynyň keşbini taslamanyň merkezinde ýerleşdirip, gülýakany ýasap oturan pursatynda şekillendirilýär. Eserdäki ýyly reňkleriň öwüşgini şahyrymyzyň içki dünýäsiniň häsiýetini açyp görkezýär. Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir.

Ýaşlarymyzyň döredijilik eserleriniň ählisinde millilige ýugrulan özboluşly häsiýetini duýmak bolýar. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy we mirasymyzy öwrenmäge, döredijilik işlerini alyp barmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Tawus Garajaýewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0