Şahyryň edebi mirasyna belent sarpa goýulýar

Şahyryň edebi mirasyna belent sarpa goýulýar
Makalalar
26.03.2024, 22:02
112
0
26.03.2024ý.

Şahyryň edebi mirasyna belent sarpa goýulýar  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat medeni ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem aňryýany bilen tassyklaýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimizde we daşary ýurtlarda dürli ugurly çäreler has-da dabaraly geçirilýär. Köp sanly maslahatlar, döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikler, şahyryň dürli dillerde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, sergiler, konsertler, sahna oýunlary, çeper we dokumental kinofilmler, Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoluna, filosofik garaýyşlaryna we döredijilik mirasyna bagyşlanan kitaplaryň we ýygyndylaryň neşir edilmegi barha golaýlaýan baýramçylyga gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir. Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Meýlis Öwezdurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0