Pyragynyň pentleri — ömrümize ýörelge

Pyragynyň pentleri — ömrümize ýörelge
Makalalar
19.03.2024, 20:21
103
0
19.03.2024ý.

Pyragynyň pentleri — ömrümize ýörelge  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýäde giňden meşhurlyga eýe bolýar, adamzadyň ünsüni özüne çekýär.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy aýdylanlaryň aýdyň görkezijisidir. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynda döreden gymmatlyklary bu günki günde adamzadyň genji-hazynasyna öwrülýär. Şeýle hem şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara dünýä ýurtlaryndan köp sanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bularyň hemmesi milli gymmatlyklarymyzyň ynsan kalbynda uly orun alýandygyny aňladýan aýratynlyklardyr.

Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin.

Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň halkara derejesinde has düýpli öwrenilmegi, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat edilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn!

Selbi Mämmedowa

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0