Pyragyň arzuwlan zamany geldi ​

Pyragyň arzuwlan zamany geldi  ​
Makalalar
12.01.2024, 15:00
232
0
12.01.2024ý.

Pyragyň arzuwlan zamany geldi

​ ​ Bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan türkmen halkynyň Magtymguly Pyraga goýýan hormat-sarpasy örän uludyr. Her bir türkmen maşgalasynda şahyryň kitaplary arzylanyp saklanylýar, onuň goşgulary ildeşlerimiziň köňlünde aýdym bolup ýaşaýar. Magtymguly türkmen halkynyň berkarar döwlet gurmagyny arzuw eden, ähli ynsanlary agzybirlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ündän şahyrdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagy türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň kitaplary täzeden neşir edildi, goşgulary daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Halkara derejeli ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Köpetdagyň eteginde belentde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň bina edilýändigi hem döwletimizde akyldara uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Şu ýylda ýurdumyzda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy uly dabara bilen bellenip geçiler. Bu taryhy waka köp wagtdan bäri uly taýýarlyk görülýär. 2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy örän buýsançly wakadyr.

2024-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip atlandyrylmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň nusgawy şahyryny bütin dünýäde giňden tanatmak baradaky alyp barýan işleriniň anyk netijesidir.

Halkymyzyň milli mirasyny, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerini öwrenmäge döredýän giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Güljennet Sapargulyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0