Makalalar

Makalalar
Makalalar
19.02.2024, 19:36
202
0
19.02.2024ý.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly dünýäniň döredijilik adamlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, umuman, edebiýatyň aşyklarynyň akyldaryň şygryýet bossanyna yzygiderli syýahat guraýan ýylyna öwrüler. Munuň şeýle boljakdygyna hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi hem şaýatlyk edýär. Çünki bu medal Pyragynyň dünýäsini açmakda, onuň şygryýet baýlygyny Zemin ynsanlaryna ýaýmakda mynasyp işleri bitirenlere ýapyljak serpaý. Ol serpaýdan islendik ýurduň, halkyň wekili-de paýly bolup biler. Munuň özi Pyragynyň şygryýet dünýäsiniň ähli halklar üçin umumydygy ýaly aýdyň hakykat. Magtymgulynyň şygryýetiniň jadylaýjy dünýäsine aralaşan ynsan ol gülzarlykda hemişelik mesgen tutýar. Şeýle ynsanlar ýakyn wagtlarda türkmeniň ruhy howandarynyň hormatyna guralýan baýramdan toý paýly bolarlar — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanarlar.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyzyň çuňňur pelsepä ýugrulan şygryýet dünýäsi tutuş adamzadyň ruhy baýlygyna, umumy gymmatlygyna öwrüldi. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şonuň ýaly-da Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, akyldaryň heýkelleriniň Russiýa Federasiýasynyň dürli ýerlerinde, Türkiýede, Eýran Yslam Respublikasynda, Özbegistanda, Ukrainada bardygy bolsa ussadyň umumadamzat derejesinde belentden sarpalanýandygyny görkezýär.

Milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Eziz Hangeldiyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0