Makalalar

Makalalar
Makalalar
27.03.2024, 19:05
106
0
27.03.2024ý.

Ýokary netijeler gazanylýar

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmekde we önümçiligiň çäklerinde oba hojalyk pudagyny çig mal, mineral dökünler bilen üpjün etmekde netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynda himiýa senagatyna aýratyn orun degişli bolup, ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. Soňky 10 ýylyň dowamynda «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernine 3,3 milliarddan gowrak amerikan dollary möçberinde maýa goýuldy. Önüm öndürijilik kuwwaty diňe mineral dökünleriň öndürilişinde häzirki wagta çenli 3 esse artdyryldy. Bäsdeşlige ukyply, dünýä bazarynda uly islegli, ekologiýa taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly önümçilikler, halkara ölçegleriniň talaplaryna kybap gelýän himiýa önümleri bu gün döwletimiziň bu pudagynyň daşary ýurtlarda abraýyny üpjün edýär.

Sözümizi mysallar bilen berkitsek, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň düzüminde kuwwatly önümçilikler döredildi. Şolaryň biri-de gojaman Hazaryň tebigy çig mala baý bolan Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodydyr. Kärhanada öndürilýän önümler diňe bir Diýarymyzyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň onlarçasynyň isleg bildirýän karbamid önümleri hökmünde bellenip, hil taýdan ýokary görkezijilere eýe bolýar.

Kärhananyň karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ammiak önümçiliginiň ýyllyk kuwwaty 660 müň tonna deňdir. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhananyň umumy önümçilik kuwwaty bolsa her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada öndürilýän önümler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini ýokarlandyrmakda, döwrebaplaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny has-da ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Pena Rejepow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ himiýa fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0