Makalalar

Makalalar
Makalalar
01.03.2024, 21:31
89
0
01.03.2024ý.

Milli buýsanjymyz

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine öz goşandyny goşan halk. Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan el halylary, ýelden ýyndam türkmen bedewleri, toý-baýramyň gelşigi bolan dokma önümleri, şeýle hem wepadarlygyň nyşany bolan alabaý itleri halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu gymmatlyklar ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülendir.

Türkmen halkynyň itşynaslyk sungatynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Bu barada «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr» diýip bellenilýär.

Ata-babalarymyzyň seçgiçilik usuly bilen kämilleşdiren alabaý itleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen alabaý itleriniň halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedewlerimiz ýaly tutuş adamzadyň buýsanjynyň derejesine göterilmeginde möhüm ädim boldy. «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň neşir edilip başlanmagy türkmen alabaýlaryny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge, halkymyzyň itşynaslyk sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik döredýär. Halkymyzyň medeni mirasynyň bir bölegi bolan alabaý itleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Halkymyzyň gündelik we taryhy durmuşynda uly orun eýelän alabaý itleri hakynda taryhy çeşmelerde, taryhçylaryň sene ýazgylarynda we syýahatçylaryň ýol ýazgylarynda baý maglumatlar berilýär. Biziň eýýamymyzdan ozalky V-IV müňýyllyklarda medeniýetiň gülläp ösen ojagy bolan Änewiň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde şol döwrüň dessurlaryna görä jaýlanan äpet alabaýlaryň galyndylary tapylýar. Mundan başga-da, şeýle tapyndylar Altyndepe, Goňurdepe, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerde hem ýüze çykarylýar. Şan-şöhraty dünýä dolan alabaý itleri halkymyzyň gündelik durmuşynda ýakyn ýardamçy, wepaly dost hökmünde bellidir. Olar hakynda halk döredijiliginde, rowaýatlardyr tymsallarda giňişleýin beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaý itleri aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, milli itşynaslyk sungaty täze derejä göterildi. Bu hakykat türkmen itşynaslyk sungatynyň dünýä möçberindäki beýik ykrarydyr.

Batyr Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0