Milli bahar bayramy

Milli bahar bayramy
Makalalar
13.03.2023, 13:30
324
0
Nowruz – milli bahar baýramy

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletler bilen bir hatarda türkmen halkynyň hem ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän baýramydyr. Indi 2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenýän bu baýramçylygyň gündogar halklarynyň arasyndaky meşhurlygy has aýratyndyr. Ylaýtada türkmen halkynyň milli baýramy bolan Nowruzda milli tagamlar taýýarlanylyp, olaryň dürli görnüşleri ilata hdürlenýär. Şol tagamlaryň içinde hut Howruz baýramçylygynyň şanyna bugdaý däneleniniň şinelän baldajyklaryndan semeni tagamynyň taýýarlanyşy has tapawutlydyr. Bu tagam budaý deneleriniň şineläp çykan ýaşylja maýsajyklaryndan taýýarlanylýar. Munuň özi baharyň başlanmagyny, Nowruzyň gelmegi bilen ýere jan girip, täzeden dirilişiň başlanýandygynyň alamatydyr.

Hut şeýle bolansoň, Nowruz hakynda halk döredijilik eserleri köp döredilipdir. Şonuň üçin halkymyz Nowruz baýramyny ýagşylygyň, başlangyjyň, täzelenişiň baýramy hökmünde kabul edip gelipdir. Bu baýramçylyk häzirki günlerde hem öz many-mazmunyny giňeldip, gözelligiň we söýginiň baýramy derejesinde dowam etdirilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Aýmyrat Aýdogdyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0