Magtymgulynyň goşgulary — türkmen milletiniň nusgalyk mekdebi

Magtymgulynyň goşgulary — türkmen milletiniň nusgalyk mekdebi
Makalalar
12.01.2024, 15:14
219
0
12.01.2024ý.

Magtymgulynyň goşgul­ary — türkmen millet­iniň nusgalyk mekde­bi ​

​ Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Se­rdarymyzyň başlangyç­lary hem-de ynsanpe­rwer syýasaty netije­sinde, türkmen halky­nyň akyldar şahyry, beýik söz ussady Ma­gtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijilig­ine bagyşlanyp ýurdu­myzda we daşary ýur­tlarda köp sanly med­eni çäreler geçirilý­är. Magtymguly Pyrag­ynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasyb­etli Türki medeniýet­iň halkara guramasyna agza döwletleriň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahy­ry we akyldary Magt­ymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek ha­kynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjyny biragyzdan goldamagy şolaryň hataryndad­yr. Şeýle-de Magtymg­uly Pyragynyň golýa­zmalar toplumynyň ÝU­NESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnam­asynyň halkara sanaw­yna girizilendigini hem buýsanç bilen be­llemek gerek.

Akyldar şahyryň wagy­z-nesihata, öwüt-ünd­ewe we akyl-parasada ýugrulan şygyrlary türkmen halky, galy­berse-de, dünýä halk­lary tarapyndan söý­lüp okalýar. Magtymg­uly Pyragynyň türkmen halkyny agzybirlig­e, jebislige, watan­söýüjilige, garaşsyz döwlet gurmaga çagy­rýan kalp owazy umu­madamzat bähbitli ma­ny-mazmuna eýedir. Şu nukdaýnazarda hem 2024-nji ýylyň «Päh­im-paýhas ummany Mag­tymguly Pyragy» şyga­ry bilen atlandyrylm­agy möhüm ähmiýetli­dir. Çünki ata Watan­ymyzda şahyryň döred­ijiliginde ynsanda belent ahlak sypatla­ry terbiýelemek mese­lesine uly orun beri­lýär.

Akyldar şahyryň ajaý­yp eserleri, juda kö­ptaraply temalar bo­ýunça ýazan şygyrlar­yndaky parasatly pik­irleri hemmetaraplaý­yn ösen şahsyýeti terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Beý­ik şahyr şygyrlarynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak ýörelgele­rini, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly belent sypatlaryny wagyz edipdir. Onuň köptaraply, many-mazm­una baý döredijiligi­nde türkmen halkynyň däp-dessuryna, ruhy ýörelgesine öwrüle­n, watançylyk, halal­lyk, agzybirlik, ar­assa ahlaklylyk, ede­plilik, pespällik ba­radaky öwüt-nesihatl­ara ýugrulan goşgul­ary esasy orny eýele­ýär.

Şahyryň pähim-paýhas­a, öwüt-nesihata ýug­rulan eserleri halk­ymyzyň ruhuna we aňy­na mydamalyk siňipdi­r. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magt­ymguly Pyragynyň ede­bi mirasy, ynsanperw­erligi, päk ahlaklyl­ygy, erkinligi, ada­latlylygy wagyz edýän pelsepewi garaýyşl­ary, terbiýeçilik äh­miýetli ajaýyp şygy­rlary kämil nesli te­rbiýelemekde bahasyz gymmatlykdyr.

Yhlas Myradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0