Makalalar

Makalalar
Makalalar
18.02.2024, 10:08
179
0
18.02.2024ý.

Magtymguly sözüm bilene sözdür

Magtymguly Pyragy şahyrana döredijiliginde sagdynlygy, ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgesini ilkinji nobatda goýupdyr. Akyldar şahyr şygyr setirlerinde «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun», «Dürdür bu janyň lezzeti//Saglyk anyň soltanydyr» diýip, tä garrylyga çenli ömrüň, şirin janyň gadyryny bilmegi, gorap saklamagy ündäpdir.

Şahyr adamyň saglygynyň gymmaty, öz saglygyňy gorap saklamak, dürli kesellere getirip biljek zyýanly endiklerden gaça durmak barada pikir ýöredipdir. Iň esasy belläp geçmeli zat hem şol pikirleriň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň nukdaýnazaryna gabat gelýänligidir.

Saglygyň gözbaşy hereketdedir. Hereket halal zähmetden başlanýar. Diýmek, zähmet durmuşda terbiýeçilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen maşgalasynda zähmet terbiýesinde atadyr enäniň görüm-göreldesi, öwütleri ýaş oglan-gyzlar üçin ilkinji mekdep bolup hyzmat edýär. Milli terbiýäniň özeni bolan bu ýörelgeler häzirki döwürde-de ýörgünli. Bu işde ata-babalarymyz halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinden ugur alypdyr. Ata-babalarymyz zähmeti ynsanyň bagtly durmuşynyň altyn açary hasap edipdirler. 

Hakykatdan-da, ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmak üçin gözel tebigata gurşalan ajaýyp mesgeniň bolmagy iň esasy zerurlyklaryň biridir. Biziň eziz Diýarymyzda ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň islendik künjegine seredeniňde gözelliklerden gözüň dokunýar. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, işleri rowaç bolsun!

Ýazberdi Saryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0