Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi

Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi
Makalalar
16.02.2024, 18:48
85
0
Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi

Şahyryň döredijiliginiň, edebi mirasynyň agramly bölegini durmuş meseleleri, ynsanperwerlik, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewleri tutýar. Onuň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ýaş nesilleriň kalbynyň şamçyragydyr. Magtymguly Pyragynyň gyzyldan gymmatly edebi döredijiligi her bir adam üçin edep-terbiýe, görelde mekdebidir.

Beýik şahyryň kitaplary ýaş nesiller üçin gymmaty egsilmejek mirasdyr. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap hekaýasynda hat-sowatdan başy çykmaýan türkmen gojasynyň dünýä malyny-guba düýesini Magtymguly Pyragynyň kitabyna çalyşmagy, türkmeniň beýik şahyrynyň eserleriniň miras hökmünde asyrlardan-asyrlar aşyp gelýändigini mynasyp şekilde şöhlelendirýär. Häzirki wagtda şahyryň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn, hindi we beýleki dillere terjime edildi.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl ozal paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Köpetdagyň dag eňňidinde çeper okaýyşlary, edebi agşamlary we köpçülikleýin medeni çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny, şol sanda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini gurmak işlerine badalga berildi. Magtymguly Pyragynyň täze heýkelini döretmek Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýewe ynanyldy. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň iki gezek eýesi Saragt Babaýew akyldar şahyryň heýkelini gurmak işini öňem birnäçe gezek ýerine ýetiripdi. Bu täze heýkeltaraşlyk taslamasy bolsa, özboluşlylygy we göwrümi bilen tapawutlanýar.

Bu gün şahyryň berkarar döwlet gurmak, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan, parahat durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi diñe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýä halklary üçin hem ähmiýetli, şatlykly waka bolar.

Güljennet Sapargulyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0