Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti
Makalalar
19.02.2024, 17:31
213
0
19.02.2024ý.

Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy nesilleri adamkärçiligiň gowy sypatlaryny, ahlak arassalygyny öwretmegi, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegi, ynsan mertebesini wasp etmegi, adamçylyga gelişmeýän ýaramaz häsiýetlere ýigrenç döretmegi özüniň borjy hasaplapdyr. Magtymguly atamyz adamlaryň göwnüni tapmagy başarandygy üçin, tutuş adamzat kalbynyň töründen orun alyp, dünýäniň nusgawy şahyryna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly — bu mizemeýän Watan söýgüsi, halk ykbalynyň aladasy, belent häsiýetleriň gaýmagydyr» diýip belleýşi ýaly, şahyryň eserlerinde Watan söýgüsi, jemgyýeti özgertmek, halkyň gündelik ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmak, adamlar bilen döwletiň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly dürdäne setirler eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle-de jemgyýetde özüňi alyp barmagyň edep-kadalary, agzybirlik, ygrarlylyk, sadalyk, myhmansöýerlik ýaly ata-babalarymyzyň ynsanperwer ahlak ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr.

Magtymguly Pyragy öçmejek yz galdyryp, ençeme gymmatly mirasy nesillere peşgeş etdi. Beýik akyldaryň pelsepewi häsiýete ýugrulan şygyrlary ähli zamanany özünde jemleýär. Türkmen halky beýik ogullaryny elmydama uly hormat bilen ýatlap hatyralaýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýen sözleri akyldaryň eserleriniň gymmatyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözleri bolsa Magtymguly atamyza goýulýan hormatyň uludygyny ýene bir gezek subut edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar» diýip belleýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy özünde jemleýän eserlerinde döwlet bilen adamlaryň arasyndaky garaýyşlary beýan edýän milli filosofik dünýägaraýyşlar öz beýanyny tapýar.

Eziz Egemberdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0