Köňülleriň töründe orun alan gün

Makalalar
Köňülleriň töründe orun alan gün
1-nji sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapagyny geçirdi.
Milli Liderimiz umumy sapagynyň dowamynda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan mysal getirip, her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň on iki görnüşi barada durup geçdi.
Terbiýäniň watançylyk, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje, kär-hünär, sungat, syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik, dil, ekologiýa, tebigata söýgi ýaly görnüşleri barada, şolaryň ählisinden paýly bolmagymyz üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler hakda pikirleneniňde kalbyňda Milli Liderimiziň: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir! Biz ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegi üçin «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary baýdak edinýäris» diýen sözleri kalbyňda owazlanýar. Biz — ýaşlar, Gahryman Arkadagymyzyň her bir pendini ýüregimize ýazyp, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ajaýyp syýasatyna mynasyp goşant goşarys.
Kerim Rejepow
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...