Kofeniň peýdasy

Makalalar
Kofeniň peýdasy
Ýewropaly alymlar süýt beloklarynyň kofe kislotasynyň we kofe dänesinde bar bolan beýleki antioksidantlaryň täsirini ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Ol bedeniň howply täze döremeleriniň öňüni almaga we immun öýjükleriniň işini kadalaşdyrmaga kömek edýär.
Kofe dänesinde diňe bir kofeiniň däl, eýsem, köp antioksidantlaryň hem bardygy anyklanyldy. Olaryň bedene düşmegi ötüşen çişli ojaklaryň basylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem immun öýjükleriniň we adam bedeniniň dürli dokumalarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.
Alymlar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrmak boýunça geçirilen synaglaryň dowamynda kofeniň güýçli antioksidant we howply täze döremelere garşy aýratynlygynyň ýokarydygyny belleýärler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Merdan Berdimyradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...