Guwandyrjy netijeler

Guwandyrjy netijeler
Makalalar
21.01.2024, 10:37
223
0
Guwandyrjy netijeler

Dostana gatnaşyklary has ileri tutýan türkmen halkynyň bu günki ýeten belent abraýy taryhyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Ine, şeýle dostana gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, bu günki gün ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda asyrlara barabar işler durmuş hakykatyna öwrülýär.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň jemlenilýän pursatlarynda ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy, ýagny Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi, her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzda döwrebap, toplumlaýyn we ýokary tehnologiýaly ulag infrastrukturasy kemala geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ulag diplomatiýasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar» diýip belleýşi ýaly, bu ulgamyň döwrebaplaşmagy ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işler barha öňe ilerleýär. Maksat — ulag-üstaşyr logistik düzümleriniň kämilleşmegi esasynda halkara giňişliginde bu ulgamyň iň ýokary netijesini gazanmakdan ybaratdyr.

Ýatlap geçsek, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda, has takygy, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde hem aýratyn many bar. Türkmenistany geljek ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa goýumlaryny gönükdirýär. Üçünji müňýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görýär.

Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Logistikanyň maksady — önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu adalga halkara hyzmatdaşlygynda önümiň, harydyň ýa-da ýerine ýetirilmeli hyzmatyň dolandyryş ulgamynyň ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Ýurdumyz şeýle ulgamyň ösmegi ugrundaky asylly işleri guramakda ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen, maslahatlaryň we degişli ugur bilen baglanyşykly sergileriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Elbetde, bu toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi bilen ulag ulgamynyň ösüşini gazanmak göz öňüne tutulýar. 2014, 2015, 2017 we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz, derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.

Halkymyzyň bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeli başlary hemişe aman bolsun!

Ýolly Myradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0