Gurýan döwlet — gurply döwlet

Gurýan döwlet — gurply döwlet
Makalalar
14.03.2024, 17:18
101
0
14.03.2024ý

Gurýan döwlet — gurply döwlet

Döwlet Baştutanymyzyň pähim-parasadyndan, asylly işlerinden, beýik maksatlaryndan ruhlanýan halkymyzyň her bir güni toýdur baýrama, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýurdumyzda il-ulsuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, yzygiderli ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biri bolup, üstünlikli amala aşyrylýar. Hut şonuň üçin-de, ata Watanymyz bütin dünýäde arzuwlaryň wysala, maksatlaryň myrada gowuşýan ajaýyp mekany hökmünde tanalýar. Şeýle-de ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlar, desgalar, zawoddyr fabrikler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň döredijilik üstünliklerini görkezýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu gün ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Köýtendag etrabynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän «Lebap» sement zawodynyň 2-nji tapgyry-da subut edýär.

2020-nji ýylyň tomsunda gurluşygyna badalga berlen bu zawodda her ýylda 1 000 000 tonna sement öndürmek maksat edinilýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň depgininiň has-da ýokarlanjakdygynyň görkezijisidir. Döwletimizde gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap senagat desgalarynyň çig mallarynyň özümizden öndürilmegi hem-de olardan alynýan önümleriň ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy, şeýle-de dünýä bazarlarynda orun almagy guwandyryjydyr. Dag-magdan känlerinden alynýan semendiň portland, tamponaž we sulfata durnukly görnüşleri bolup, olar binagärçilik gurluşygynda, nebit-gaz pudagynda, gidrotehniki desgalary hem-de köprüleri dikeltmekde esasy serişdedir.

Açylyp ulanylmaga beriljek täze senagat desgasynda sementiň ýokary hilli görnüşleri öndüriler. Şeýle-de ildeşlerimize täze iş orunlary döredilip, zähmet howpsuzlygy üpjün ediler.

Goý, «Gurýan döwlet — gurply döwlet» diýen ýörelgä eýerip, halkymyzyň eşretli durmuşy üçin bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Güljennet Sapargulyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0