Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
Makalalar
05.03.2024, 17:19
160
0
05.03.2024ý

Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

Mälim bolşy ýaly, 1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Antalýanyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri garşyladylar. Günüň birinji ýarymynda hormatly Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türk Liderine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ýokary adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyz 70 ýaş ýubileýi mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Däp bolşy ýaly, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Şeýle hem türkmen içmegi rahatlygy, ýylyň islendik paslynda geýmek üçin amatlydygy bilen tapawutlanýar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, hormatly Arkadagymyz ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň okgunly ösdürilýändigini we onuň 2,5 milliard amerikan dollaryndan gowrakdygyny nygtady. Bar bolan kuwwatlyklar bu görkezijini 5 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen bazarynda türk kompaniýalarynyň iş alyp barýandyklary we özlerini ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary hökmünde görkezendikleri bellenildi. Şeýle-de duşuşykda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkara giňişlikde uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, gaznanyň dünýäniň dürli künjeklerinde ejir çekýän çagalara iberen ynsanperwerlik kömekleri haýyr-sahawat işleriniň rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Nariman Açilow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0