Makalalar

Makalalar
Makalalar
18.06.2023, 07:24
216
0
Düýe maly dünýe maly

Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolmagy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz, gazaply ýollara çydamlylygy, aýratyn idegi talap etmeýän, mallaryň iň güýçlüsi we az iýýän, oňňut etmäge ukyply ulag we iş maly hökmünde türkmeniň ykrar eden malydyr. Magtymguly Pyragynyň «Jan içinde» atly goşgusynda düýe şeýle taryp edilýär:

Düýe aýdar: otlar men,

Otlan ýerim ýatlar men,

Elmydama botlar men,

Ol çölüstan içinde...

Halkymyz işçi düýeleri köp asyrlaryň dowamynda öý goşlaryny we beýleki ýükleri daşamakda aragatnaşyk ulagy hökmünde giňden ulanypdyr. Uzak diýmän, ýakyn diýmän, argyşa giden türkmene pagtadan, zygyrdan we ýüpekden dokalan nah, atlaz matalary, bereketli topragymyzda bitýän datly gawun-garpyzlarymyzdan we ir-iýmişlerimizden taýýarlanýan kak, sök, kişmiş ýaly datly nygmatlary dünýä çykarmak üçin düýe iň ygtybarly ulag bolupdyr. Şonuň üçinem, türkmen halky düýäni «çöl gämisi» hasaplapdyr.

Garýagdy Garryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0