Döwrebap mümkinçilikler — guwandyryjy netijeler

Döwrebap mümkinçilikler — guwandyryjy netijeler
Makalalar
01.03.2024, 21:25
96
0
01.03.2024ý.

Döwrebap mümkinçilikler — guwandyryjy netijeler

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde eziz Diýarymyz häzirki döwürde ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti köprüsi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gündogar−— Günbatar we Demirgazyk−— Günorta ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda goýýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek ulag ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň we olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädimler ädilýär.

Eziz Diýarymyzyň çägi gadymy döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleri, syýahatçylary özüne çekipdir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, yklymda üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlamak bilen, hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady we geoulag binýadyny döretmäge saldamly goşant goşýar.

Berkarar döwletimiz özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak üçin strategik taýdan amatly ýerleşýär. Sebit we halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen döwletine geljekde-de sebitiň möhüm ulag merkezi hökmünde derejesini has-da pugtalandyrmak hem-de iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnaşyklary guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça netijeli ädimleri ätlemäge mümkinçilik berer.

Ahmed Saparmuhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0