Buýsançly ýürekleriň sedasy

Buýsançly ýürekleriň sedasy
Makalalar
14.02.2024, 20:31
143
0
Buýsançly ýürekleriň sedasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletli döwrana ýar bolan ata Watanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem belent sepgitlere beslenýär. Röwşen geljegiň binýady barha pugtalanýan Diýarymyzda ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, sportda, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ilerlemeginiň netijesinde, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikler gazanylýar. Gazanylýan üstünlikler bolsa, toýdur baýramlarymyz, şanly senelerimiz, halkara derejesindäki dost-doganlyk gatnaşyklarymyz bilen utgaşyp, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýär.

Rowaçlygyň ýaran bolan ýurdunda ýagşy niýetler, oňyn işler ösüşli, özgerişli ýollaryň özenini düzýär. Düýp özeni ýagşylykdan tutulyp, baky bagtyň ak ýolundan barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Arşa galýan abraý-mertebäniň aýdyň şöhlelenmesi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümlelerini ýol-ýörelge edinip, halkymyz erkana, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Goý, şeýle buýsanja beslenen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy belent ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Öwläguly Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ ulymugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0