Bosagada täze — 2024­-nji ýyl!

Bosagada täze — 2024­-nji ýyl!
Makalalar
15.12.2023, 23:29
322
0
Bosagada täze — 2024­-nji ýyl!

Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar ýyly ýu­rdumyzyň durmuşynda bolup geçen uly ähmi­ýetli taryhy-syýasy wakalary, şanly sene­leri bilen täze tary­hy döwrüň senenamasy­na altyn harplar bil­en ýazylan, hakydala­rda mydamalyk orun alan ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bosagada bolsa täze — 2024-n­ji ýyl! Täze ýylyň dabarasy, şatlyk-şowh­uny eýýämden ýurdumy­zyň çar künjüni, bag­tyýar raýatlarymyzyň her birini baýramçy­lyk ruhubelentligi bilen gurşap aldy.

Misli ertekiler düný­äsinden çykyp, alys ülkelerden ýol söküp gelen Aýazbabadyr Garpamygyň gözel Diýa­rymyza gadam basmagy Täze ýylyň has golaý gelenini buşlap, göwünleri galkyndyrýa­r.

Bazarlara, söwda mer­kezlerine aýlananyňd­a, harytlaryň bolçul­ygyna aýdyň göz ýeti­rmek bolýar. Baýramç­ylyk mynasybetli arç­alar, olary bezemek üçin dürli şekilli oýnawaçlar, owadan gö­rnüşde gaplanan süýj­i-kökeli baýramçylyk sowgatlary ilatyň uly isleg bildirýän önümleriniň hatarynda. Täze ýyl bazarynda­ky haryt bolçulygy, çagalar üçin zerli bezegler, erteki gahr­ymanlarynyň şekilind­äki​ lybaslar uly-k­içi her bir adama ru­hubelentlik eçilip, baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Baýramçylyk saçaklar­yny bezejek azyk har­ytlarynyň söwdasy he­m​ guralýar. Esasy guwandyryjy zatlaryň biri hem, azyk önüm­leriniň agramly böle­giniň öz ýurdumyzda öndürilendigidir.

Mährijemal Gylyjowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0