Bitaraplyk — paraha­tlyk aýdymy ​

Bitaraplyk — paraha­tlyk aýdymy  ​
Makalalar
05.12.2023, 23:08
194
0
Bitaraplyk — parahatlyk aýdymy

​ ​ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymat hökmünde halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşdy. Türkmen halky indi 28 ýyl bäri hemişelik Bitaraplygyň eçilen eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Ynha bu ýyl bolsa Halkara Bitaraplyk gününi halkara derejede giňden bellenilip geçilýär.

Biziň Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza ähli döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi aýratyn bellärliklidir. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza bolýan döwletleriň 185-si tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde agza döwletleriň goldamagynda her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dünýäde dabaralanmagydyr.

Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi.

Dünýäde asudalygyň üpjün edilmegi, daşky durşawy gorap saklamak, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmek ugrundaky oňyn başlangyçlary esasynda dünýä arenasynda giň meşhurlyga eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer ýoly sebit we dünýä halklary tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Milli Liderimiziň daşary syýasatda başyny başlan oňyn işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, bu gün eziz Diýarymyz parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň ýurdy hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022—2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanylyp, halkara gatnaşyklar ulgamynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär.

Pursatdan peýdalanyp, ähli ildeşlerimizi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Goý, bütin dünýäde parahatçylyk sazy, agzybir ojaklarda ene hüwdüsi, çaga gülküsi ýaňlanyp dursun! Halkymyza eşretli zamanany, asuda hem parahat durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!​

Eýup Annamuhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0