Beýik şahyryň sarpasyna

Beýik şahyryň sarpasyna
Makalalar
12.02.2024, 11:16
152
0
12.02.2024ý.

Beýik şahyryň sarpasyna

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. Beýik türkmen şahyryny hatyralap, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza uly sarpa goýulýandygynyň özboluşly beýany boldy. Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň giň toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylýar.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, mediaforumlary, okuw maslahatlaryny, sergileri, sanly ulgam arkaly ylmy-usuly maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Ýylyň adyna bagyşlanyp, çeper okaýyşlary guramak, dürli bäsleşikleri yglan etmek, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Nesip bolsa, bu ýylda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahaty geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşykly bu ýyl Medeniýet hepdeligi Arkadag şäherinde guralar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirilip, döredijilik bäsleşikleri yglan edilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň, umuman, edebi gymmatlyklaryň, milli medeniýetiň nesilleri terbiýelemekde örän uly ähmiýeti bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimize, akyldar şahyrymyzyň wagyz eden milli ynsanperwerlik ýörelgelerimize täze öwüşgin çaýylyp, halkara derejesinde giňden tanalmagy ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik üstünlikleriň döwri hökmünde taryha girer.

Nariman Agajanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0