Beýik ösüşleriň badalgasy

Beýik ösüşleriň badalgasy
Makalalar
16.02.2024, 18:45
85
0
Beýik ösüşleriň badalgasy

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda işlenilip düzülen «2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň we ulanmagyň maksatlarynyň esasylarynyň biri hökmünde söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini täzeçe guramak kesgitlenildi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde, işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňelýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda hem görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamy hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanylyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär, okatmagyň döwrebap, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bilim edaralarynyň dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Aýratyn-da, bular raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, howpsuz ýaşaýşy döretmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak ýaly esasy şertlerden ybaratdyr. 

Dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti özgertmek ýaly ugurlar bilim ulgamynyň döwrebaplygy, ylmyň, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşykly bolup durýar. 

Kerwen Şöhradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0