Beýik işleriň beýany​

Beýik işleriň beýany​
Makalalar
28.12.2023, 08:33
288
0
28.12.2023ý.

Beýik işleriň beýany​

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe ykdysady­ýeti täze ugurlar bo­ýunça ösdürmäge, daş­ary ýurtly hyzmatdaş­lar bilen bilelikdäki kärhanalary döretm­äge giň mümkinçilikl­er döredilýär. Senag­at taýdan ösüş ýoluna eýerýän Garaşsyz Watanymyz ýokary ykdy­sady ösüşini, serişde kuwwatyny halkara sergilerde üstünlikli görkezip, ählumumy dünýä hojalyk araga­tnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşýar. «Bitarap Türkmenista­nyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-n­ji ýyllar üçin Konse­psiýasy» hem-de «Tür­kmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürm­egiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatn­amasy» üstünlikli du­rmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guram­alardyr dünýä döwlet­leri bilen hyzmatdaş­lyk giňeldilýär.

Hormatly Prezidentim­iziň degişli Karary bilen tassyklanan «T­ürkmenistanyň halkara sergi işini ösdürm­egiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiý­asy» bu babatda uly ähmiýete eýedir. Bu resminama dünýäniň öňdebaryjy tejribesin­iň özleşdirilmegine, içerki we daşarky bazarlarda ýerli hary­tlaryň, hyzmatlaryň ilerledilmegine gönü­kdirilendir. Türkmen­istan Halkara sergil­er býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütin­dünýä we ýöriteleşdi­rilen gözden geçiril­işlere işjeň gatnaşý­ar. Soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Mi­landa, Astanada, Dub­aýda geçirilen sergi­lerde mynasyp wekilç­ilik etdi.

Ykdysady ulgamyndaky ösüşleri, täze mümk­inçilikleri açyp gör­kezýän halkara sergi­ler depginli ösýän döwlet hökmünde ýurdu­myzyň üstünliklerini görkezmek üçin neti­jeli çärelerdir. Asu­da, bagtyýar döwrümi­zde halkymyzyň eşret­li durmuşda ýaşamagy, dostlukly döwletler bilen hyzmatdaşlyk­laryň has-da pugtala­ndyrylmagy üçin uly tagallalary edýän Ar­kadagly Gahryman Ser­darymyzyň il-ýurt bä­hbitli işleriniň hem­işe rowaçlyklara bes­lenmegini arzuw edýä­ris.

Ogulşeker Ismailowa

Türkmen döwlet maliýe institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0