Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary
Makalalar
03.01.2024, 20:15
139
0
Berkarar döwletiň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyz tutuş dünýäde ýaşlaryň bähbitlerini ileri tutýan, ýaş nesliň göwnejaý ösüp-ulalmagy babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji orunda goýýan hem-de şol wezipeleri amal etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde tanalýar. Netijede, durmuş syýasatynyň bu ugrunda ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanylýar.

Ýaşlar döwrüň, milletiň döredijilik güýjüni özlerinde jemleýär. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim, terbiýe almaklary, saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň saglyk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ylmyň iň soňky gazananlaryndan habarly nesli kemala getirmek, telekeçilik işine höweslendirmek, ýaş maşgalalaryň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerinde ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hereket edýär. Şol resminamalara laýyklykda, ýaşlar ykballaryny gülletjek beýik işler bilen meşgullanyp, durmuşlarynyň döwrebap hem abadan bolmagyny üpjün etjek hukuklara eýe bolýarlar.

Häzirki döwürde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarda ýaş nesil hakyndaky alada aýdyň şöhlelendirilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.

Ýalkap Jumadurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0