Makalalar

Makalalar
Makalalar
12.03.2024, 18:22
116
0
12.03.2024ý.

Berkarar döwletde zenan sarpasy

Ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Çünki hormatly Prezidentimiz gelin-gyzlarymyzyň ruhy, zehin we ahlak mümkinçiliklerine ýokary baha berip, olaryň jemgyýetçilik bähbitli başlangyçlara, oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, jemgyýetde demokratik, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine, medeni däp-dessurlaryň goralyp saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine goşýan goşantlaryny aýratyn belleýär.

Jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bu gün döwletimiz tarapyndan zenanlaryň mynasyp durmuşy we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur şertler döredilýär, gender deňligi kanun esasynda üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini üpjün etmek, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi zenanlarymyzyň buýsanjyny has-da artdyryp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrülýär.

Zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek, maşgala hem-de enelige goldaw bermek jemgyýetiň ösüş derejesiniň iň möhüm görkezijileridir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini ýatlamak ýakymlydyr.

Bir söz bilen aýdanyňda, döwlet derejesinde alnyp barylýan şeýle döwletli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde zenanlara goýulýan hormatyň örän ýokarydygyndan habar berýär.

Eýup Annamuhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0