Baharyň arzyly güni

Baharyň arzyly güni
Makalalar
04.03.2024, 21:27
152
0
04.03.2024ý.

Baharyň arzyly güni

Bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji mart güni dünýäniň köp ýurtlarynda halkara derejesinde bellenilýän zenanlaryň baýramçylygy biziň ýurdumyzda ählihalk dabarasy, belent ruhy joşgun bilen garşylanýar. Ata Watanymyzda uludan toýlanylýan baýramçylygyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar, bagtyýar zenanlara bagyşlanyp guralýan medeni çäreleriň we duşuşyklaryň many-mazmuny barha baýlaşýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, ähli edara-kärhanalarda işleýän, talyp gelin-gyzlara, enelere, orta mekdeplerde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Halkara zenanlar gününiň milli däp-dessurlarymyza laýyk derejede garşylanmagy üçin ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär.

Baýramçylyk günlerinde mähriban enelerimize, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyza, eziz uýalarymyza iň ýakymly gutlaglar we arzuwlar aýdylyp, ter güller gowşurylýar. Giňden ýaýbaňlandyrylýan toý-dabaralarynda bagşy-sazandalar, şahyrdyr suratkeşler zenanlaryň gaýtalanmajak gözelligini asmanyň nury bolan Aýyň keşbine, Zeminiň bezegi  tebigatyň al-elwan güllerine deňäp, wasp edýärler. Dünýäniň görküne deňelýän eneleri, zeminiň zynaty hasaplanýan gelin-gyzlary hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri döwrebap dowam etdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde we bilim ulgamyny häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, sungaty, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde hem-de eneligi we çagalygy goramak işinde gazanan uly üstünlikleri üçin zenanlar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kämilleşdirýän nesil ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar.

Berkarar döwletimiziň  işjeň zenanlaryna syn edenimizde-de, zenan gaýratynyň bimöçberdigini duýmak bolýar. Döwletimiziň dürli edara-kärhanalarynda, pudaklarynda zähmet çekýän gelindir gyzlarymyzyň gündelik işi bilen birlikde, öý-içeriniň tertipli saklanmagy, biş-düş, çaga terbiýesi bilen bagly aladalary, el işleri hemmeleri guwandyrýar. Zenan enedir, enäniň dünýäsi akyl ýetirip bolmaýan sabyr-kanagatyň, edebiň ojagydyr.

Tumar Akmuhammedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0