Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi
Makalalar
14.03.2024, 16:57
107
0
14.03.2024ý.

Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe möhüm ähmiýet berip, bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary derejede, guramaçylykly geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi bu hakykatyň ýene bir gezek nobatdaky dabaralanmasy boldy. Ol ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde hem-de hemmetaraplaýyn berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine bu gurama agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz indi iki ýyla golaý wagt bäri bu geňeşiň agzasy bolup durýar. Ähli musulman ymmatynda birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer gatnaşyklaryň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde baky berkarar döwletimizde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşylyp, geljekde alnyp barylmaly işler dogrusynda garaýyşlar beýan edildi.

Maslahatyň barşynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly orun berlendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy adamlaryň kalbynda mynasyp orun aldy. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen ýa-da türki halklaryň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň hem medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşup, umumadamzat edebiýatynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu gün dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir ýurt däl-de, eýsem, halkara derejede bellenilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biri bolan Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpadan, ägirt uly hormatdan nyşandyr.

Erkin Çarlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0